Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek ABŞ bilen ylalaşygy togtadýar


Gyrgyzystan ABŞ bilen 1993-nji ýylda baglaşan hyzmatdaşlyk şertnamasyny resmi taýdan togtatdy, Bişkek bu karara ABŞ-nyň tussaglykdaky gyrgyz aktiwistine abraýly adam hukuklary sylagyny bermek baradaky kararyna protest bildireninden soň geldi.

Gyrgyz hökümetiniň metbugat gullugy premýer-ministr Temir Sariýewiň 21-nji iýulda hyzmatdaşlyk şertnamasyny togtatmak baradaky karara gol çekendigini habar berdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi 17-nji iýulda Waşingtonyň Bişkek türmesinde ömürlik tussaglykda saklanýan žurnalist we hukuk aktiwisti Azimjon Askarowa Adam hukuklaryny goraýjynyň sylagyny bermek kararyna protest bildirdi.

Ol «graždan azatlygyna we jemgyýetiň durnuklylygyna wehim döretmekde» aýyplanypdy.

Askarow etniki özbek bolup, 2010-njy ýylyň iýunynda günorta Gyrgyzystanda bolan etnigara çaknyşyklardan soň türmä basyldy. Ol özüniň polisiýa tarapyndan gynalandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG