Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan çilimkeşlikde 'iň pes ýurt'


Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy Türkmenistanyň çilim çekýänleriň sany boýunça dünýäde iň aşakdaky derejelerde durýandygyny aýtdy.

BSG-nyň başlygy Margeret Çan 21-nji iýulda Aşgabatda guralan saglyk forumynda çykyş edip, BSG-nyň soňky barlaglaryna görä, Türkmenistanyň ilatynyň diňe 8 prosentiniň çilim çekýändigini aýtdy.

Ol munuň dünýä boýunça iň pes görkezijidigini belledi.

Türkmenistanda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan we bu düzgüni bozanlara jerime salynýar.

2013-nji ýylda güýje giren täze kanun jemgyýetçilik edaralary bilen bir hatarda hususy kärhanalarda, guramalarda, restoranlarda, dükanlarda, medeni merkezlerde we parklarda hem çilim çekmegi gadagan edýär.

XS
SM
MD
LG