Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Komitet" bilen söhbetdeşlik


Howpsuzlyk güýçleri bir raýaty soraga äkidip barýarlar.
Howpsuzlyk güýçleri bir raýaty soraga äkidip barýarlar.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylaryň aglabasy yzyna – Türkmenistana dolanýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ildeşlerimiziň käbiriniň aýtmagyna görä, olar Aşgabadyň aeroportunda düşen pursatlary Milli Howpsuzlyk Gullugy (MHM) tarapyndan soraga çekilipdirler. Käbirler öz öýlerine dolanandan hem soň sorag üçin MHM-e çagyrylandygyny aýdýarlar.

Şol duşuşyklarda esasanam olaryň daşary ýurtlarda näme edýändigi, kimler bilen duşuşyp, kimler bilen oturup-turýandygy, gündelik durmuşynda nähili zatlar bilen gyzyklanýandygy, hatda nähili websahypalara girýändigi ýaly maglumatlar bilen gyzyklanylýar.

Eýse, bu ugurda siz nähili tejribeleri başdan geçirdiňiz? Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky tapgyrynda şu temadan gürrüň ediler. Sizi hem aşakdaky forumda öz pikiriňizi galdyrmaga çagyrýarys.

Eger pikiriňizi programma gatnaşyp beýän etmekçi bolsaňyz, biziň bilen habarlaşyň, salgymyz: hat@azatradio.org

XS
SM
MD
LG