Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurhanyň mümkin iň gadymy bölekleri tapyldy


Gurhanyň azyndan 1370 ýyl mundan ozalky döwre degişli diýilýän bölekleri Birmingem Uniwersitetiniň kitaphanasynda tapyldy.

BBC agentliginiň 22-nji iýulda habar bermegine görä, bu tapyndy Britaniýanyň Yrakdan 1920-nji ýyllarda satyn alan, emma onuň gadymylygyny ykrar etmedik ýygyndysynyň bir bölegidir.

Ýörite barlaglar bölekleriň irki arap dilinde geçiniň ýa goýunuň derisinde ýazylandygyny we onuň 568 we 645-nji ýyllaryň aralygyna degişlidigini görkezdi.

Däp bolan hasaplamalara görä, Muhammet pygambere Gurhanyň aýatlary 610 we 632-nji ýyllaryň aralygynda aýan bolupdyr.

Täze tapylan Gurhanyň parçalarynyň başda bölekleýin ýazylyp, soň 650-nji ýyllara golaý döwürde toplanan bolmagy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG