Sepleriň elýeterliligi

Farýab: Partlamada azyndan 15 adam öldi


Owganystanyň resmileri janyndan geçen hüjümçiniň ýurduň demirgazygynda bazarda söwdegärleriň arasynda bombaly keltekçesini partladyp, azyndan 15 adymy öldürendigini aýtdylar.

Regional polisiýa ýolbaşçysynyň oprunbasary Baryalia Başaryar partlamanyň Farýap welaýatynyň Almar etrabynda 22-nji iýulda bolandygyny aýtdy.

Faryabyň häkimi Abdul Sattar Barez partlamada wepat bolanlaryň arasynda çagalaryň, aýallaryň we azyndan bir goşun esgeriniň bolandygyny habar berdi.

Partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

2014-nji ýylyň aýagynda ABŞ-nyň we beýleki daşary ýurtlaryň harbylary Owganystany terk edensoň “Talyban” we yslamçy söweşiji toparlar öz hüjümlerini güýçlendirdiler.

XS
SM
MD
LG