Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Heläkçilikli ýol hadysasy boldy


Awtobusyň we ýük ulagynyň çaknyşan ýerinde, Orsýetiň Krasnoýarsk regiony, 22-nji iýul, 2015.

Awtobusyň we ýük ulagynyň çaknyşan ýerinde, Orsýetiň Krasnoýarsk regiony, 22-nji iýul, 2015.

Orsýetiň Krasnoýarsk regionynda awtobusyň we ýük ulagynyň çaknyşygy zerarly azyndan 11 adam heläk boldy, diýip Içeri işler ministrliginiň regional bölüminiň metbugat-wekili habar berdi. Wladimir Ýurçenkonyň sözlerine görä, 22 adam ýaralandy.

Bu ýol heläkçiligi federal ýoluň M53 “Baýkal” ugrunda ýüze çykdy. Krasnoýarska barýan awtobusda 50 adamyň bolandygyny Ýurçenko habar berdi.

Heläkçiligiň bolan ýerine medisina kömeginiň dikuçary bardy.

Orsýetiň Adatdan daşary ministrligi ýolagçylaryň garyndaşlary üçin telefon liniýasyny açdy. Krasnoýarsk regionynyň häkimi Wiktor Tolokonskiý wakanyň bolan ýerine bardy.

XS
SM
MD
LG