Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karter Saud Arabystanyna barýar


ABŞ-nyň goranmak sekretary A.Karter (s), Saud Arabystanynyň goranmak ministriniň kömekçisi Mohammad Al-Ayesh (ortada) we patyşa Abdulaziz, Jeddah, 22-nji iýul, 2015
ABŞ-nyň goranmak sekretary A.Karter (s), Saud Arabystanynyň goranmak ministriniň kömekçisi Mohammad Al-Ayesh (ortada) we patyşa Abdulaziz, Jeddah, 22-nji iýul, 2015

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter Saud patyşasy Salman we beýleki ýokary derejesi resmiler bilen duşuşmak üçin Gyzyl deňizde ýerleşýän Jeddah şäherine bardy.

Karteriň bu sapary Waşingtonyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyga ýaranlaryň ynamyny artdyrmak maksatly regiona edýän syýahatynyň bir bölegi bolup durýar.

Karter 21-nji iýulda Iordaniýada eden çykyşynda ABŞ-nyň we Ysraýylyň “Eýranyň regiondaky ýaramaz täsirine garşy durmakda umumy garaýyşynyň bardygyny” aýtdy.

Ysraýyl we aýlagyň sünnileriň ýolbaşçylygyndaky ýurtlary ylalaşygyň Eýranyň ýolbaşçylaryny hyjuwlandyryp biljekdigini aýdýarlar we Tährany Yraga, Siriýa, Liwana we Ýemene goşulyşmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG