Sepleriň elýeterliligi

Bişkek Waşington bilen ylalaşygy ýatyrýar


Gyrgyzystanyň premýer-ministr Temir Sariýew hyzmatdaşlyk şertnamasyny togtatmak baradaky karara gol çekdi.

Gyrgyzystanyň premýer-ministr Temir Sariýew hyzmatdaşlyk şertnamasyny togtatmak baradaky karara gol çekdi.

Gyrgyzystan Birleşen Ştatlar bilen 1993-nji ýylda baglaşan hyzmatdaşlyk şertnamasyny resmi taýdan ýatyrýandygyny yglan etdi.

Bişkek bu karara ABŞ-nyň tussaglykdaky gyrgyz aktiwistine abraýly adam hukuklary sylagyny bermek baradaky kararyna protest bildireninden bir gün soň geldi.

Gyrgyz hökümetiniň metbugat gullugy premýer-ministr Temir Sariýewiň 21-nji iýulda hyzmatdaşlyk şertnamasyny togtatmak baradaky karara gol çekendigini habar berdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi 17-nji iýulda Waşingtonyň Bişkek türmesinde ömürlik tussaglykda saklanýan žurnalist we hukuk aktiwisti Azimjon Askarowa Adam hukuklaryny goraýjynyň sylagyny bermek kararyna protest bildirdi.

Askarow etniki özbek bolup, 2010-njy ýylyň iýunynda günorta Gyrgyzystanda bolan etnigara çaknyşyklardan soň türmä basyldy. Bu çaknyşyklar esasynda 400-den gowrak adam ölüpdi.

Askarow özüniň polisiýa tarapyndan gynalandygyny aýdýar.

Döwlet departamentiniň sözçüsi imel arkaly iberen düşündirişlerinde Birleşen Ştatlaryň Bişkegiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamasyny ýatyrmagyndan «lapykeç» bolandygyny, bu çäräniň gyrgyz halkynyň kömek-ýardam programmalaryndan peýdalanmagyny «howp astyna» salyp biljegini aýtdy.

Bu kömekler «zorlukly ekstremizm meselesini çözmek, ykdysady ösüşi we iş ýerleriniň döredilmegini ýokarlandyrmak, bilim sistemasyny ösdürmek, Gyrgyzystanda demokratiýanyň ýaýbaňlamagyna dowamly goldaw bermek tagallalaryny hem öz içine alýar» diýip, sözçi aýtdy.

“Biz Gyrgyzystanyň halkyna goldaw bermek ugrundaky hyzmatdaşlygy dowam etdireris» diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi aýdýar.

Golaýda Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady bileleşigine goşulan Gyrgyzystan Askarowa adam hukuklary baýragynyň berilmegi baradaky kararyň Birleşen Ştatlar bilen Merkezi Aziýanyň iň demokratik post-sowet ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklara «çynlakaý zyýan» ýetirýändigini aýtdy.

Bişkek «Askarowyň sylaglanmagy ýurt içindäki etnigara oňşuklylygy we sazlaşygy güýçlendirmegiň garşysyna bilkastdan edilen hereket hasaplanylar» diýdi.

Askarow etniki özbek bolup, Gyrgyzystanyň 6 milliona golaý ilatynyň 10 prosentden gowragyny düzýän toparyň wekili bolup durýar.

Gatnaşygy güýçli eden zat

Döwlet departamentiniň sözçüsi 21-nji iýulda iki tarapyň Askarowyň sylaglanmagy meselesinde açyk ylalaşmaýandygyny aýtdy, emma «biziň aragatnaşygymyzy güýçli eden zat bir-biregiňkiden tapawutlanýan, başga-başga pikirleri aýdyp bilmek ukybymyzdyr» diýdi.

Askarowyň ogly Şerzod 16-njy iýulda on ýyl mundan ozal polisiýa gazaplylygy diýilýän barada gözegçilik toparyny döreden, emma dört ýyldan gowrak wagt bäri türmede oturan kakasyna berlen baýragy kabul etdi.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi şol günüň ertesi Birleşen Ştatlaryň bu ýurtdaky ynanylan wekili Riçard Maýlsa protest notasyny gowşurdy.

Gyrgyzystanyň daşary işler ministrliginiň 15-nji iýulda, baýrak gowşuryş dabarasyndan öň çap eden beýanatynda Askarowyň gyrgyz sudy tarapyndan «ýetniki ýigrenji öjükdirmekde, köpçülikleýin bidüzgünçiligi gurnamakda, Gyrgyzystanyň günorta regionlary bolan Oşdaky we Jalalabatdaky çaknyşyklar mahalynda kanun goraýjy ofiseri öldürmek bilen ilteşiklilikde» günäli tapylandygy aýdylýar.

Döwlet departamenti Askarowy «adam hukuklary jemgyýetinde birleşdiriji şahs» hökmünde häsiýetlendirýär, ýagny onuň dürli etniki toparlardan bolan adamlary bir ýere jemläp, gyrgyz hökümetini özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda durnukly parahatçylyk şertlerini döretmek üçin netijeli çäre görmäge çagyrandygyny öňe sürýär.

Döwlet departamentiniň geçen aý çap edilen ýyllyk hasabatynda aýdylmagyna görä, Oşdaky etniki çaknyşyklar bilen baglylykda «adalatlylygy üpjün etmekden ýüz dönderilmeginiň» dowam etmegi çynlakaý adam hukuklary meselesi bolup durýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG