Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mogherini Saud Arabystanyna, Eýrana sapar eder


Federika Mogherini, 20-nji iýul, 2015
Federika Mogherini, 20-nji iýul, 2015

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty indiki hepdede Eýrana we Saud Arabystanyna sapar edip, Tähranyň we dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyny maslahat eder.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherininiň edarasy onuň Saud Arabystanyna 27-nji iýulda etjek saparynyň dowamynda “regional meselelere we ylalaşygyň netijelerine” seretjekdigini mälim etdi.

28-nji iýulda Mogherini Eýrana sapar eder we beýleki meseleleriň arasynda “ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi boýunça” pikir alyşar.

Mogherini 14-nji iýulda gelnen ylalaşygyň baglaşylmagyna ýardam beripdi. Ylalaşyga laýyklykda Erana garşy sanksiýalar aradan aýyrylmaly, Tähran bolsa öz ýadro programmasyny uzakmöhletleýin çäklendirmeli.

Ylalaşyk Ýakyn Gündogarda aladalanmalary güýçlendirdi käbir ýurtlar, şol sanda Saud Arabystany sanksiýalaryň aradan aýrylmagynyň Tähranyň regionda täsirini güýçlendirmeginden howatyrlanýar.

XS
SM
MD
LG