Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň goranmak sekretary Yraga bardy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter öňünden yglan edilmedik sapary bilen Bagdada bardy. Ol Yragyň liderleri we ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Karter fewral aýynda wezipä belleneli bäri Yraga eden ilkinji saparynyň dowamynda ýurduň uly böleklerine gözegçilik edýän “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy alnyp barylýan “kampaniýa barada özüniň netije çykarmak” maksadynyň bardygyny mälim etdi.

Yrakda 3 360 amerikan harbysy ýerleşýär. Olar Yragyň esgerlerini türgenleşdirmek, Yragyň ýolbaşçylaryna söweş planlary boýunça maslahat bermek we amerikan işgärleriniň hem kärhanalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek işlerine gatnaşýarlar.

ABŞ koalisiýa boýunça birnäçe partnýory bilen bilelikde “YD” garşy howa zarbalaryny amala aşyrýarlar.

Karter Yraga saparynyň öňüsyrasynda Saud Arabystanyna, Iordaniýa we Ysraýyla bardy.

XS
SM
MD
LG