Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Yraklylar 'YD'-dan kömek soraýar


Jan Kubis, Nýu Ýork, 22-nji iýul, 2015
Jan Kubis, Nýu Ýork, 22-nji iýul, 2015

BMG Yrak boýunça wekili iňňän zerur ynsanperwer kömegi üçin maliýe ýetmezçiligiň azyk üpjünçiligini gowşadandygyny we yraklylary özlerini halas etmek üçin kömek sorap “Yslam döwletine” ýüzlenmäge mejbur edip biljekdigini aýdýar.

Jan Kubis BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde 22-nji iýulda eden çykyşynda ynamy ýitiren yraklylaryň kömek sorap, ýurduň üçden bir bölegine gözegçilik edýän söweşiji topara ýüzlenýändigi baradaky habarlaryň özüni “örän aladalandyrýandygyny” aýtdy.

“Konfliktiň adamlar üçin bahasy örän ýokary bolmagyna galýar”, diýip Kubis belledi.

BMG-niň geçen hepdede ýaýradan hasabatyna görä, aprel aýynyň aýagyna çenli 16 aýyň dowamynda 15 müň raýat wepat bolupdyr, 30 müň çemesi adam ýaralanypdyr.

Kubis azyndan 8.2 million adamyň, ýagny yraklylaryň dörtden biriniň kömege mätäçdigini aýtdy. Ýurtdaky konflikt zerarly ýakyn aýlarda ýene üç milliondan gowrak adamyň öz öýlerini terk etjegi çak edilýär.

XS
SM
MD
LG