Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Mätäçlik yraklylary YD-a iteklär


Jan Kubis, BMG-niň Yrakdaky ilçisi
Jan Kubis, BMG-niň Yrakdaky ilçisi

BMG-niň Yrakdaky ilçisi çykgynsyz ýagdaýda galanlara berilmeli ynsanperwer kömegi üçin serişde ýetmezçiliginiň eýýäm azyk normalarynyň kemeldilmegine getirendigini we yraklylaryň çykalgasyzlykdan, gyssanjyna «Yslam döwleti» jeňçi toparyndan kömek soramaly bolmagynyň ahmaldygyny duýdurdy.

Jan Kubis 22-nji iýulda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine kyn ýagdaýda galan yraklylaryň kömek sorap, jeňçi gurama ýüz tutmaly bolýandygy baradaky habarlardan juda alada galýandygyny aýtdy.

«Yslam döwleti» jeňçi toparynyň söweşijileri Yragyň ikinji uly şäheri Mosuly basyp alanyndan soň, şindi hem bu ýurduň üçden birine golaýyna kontrolluk edýär.

"Bu konfliktiň adam bahasy örän ýokary bolmagynda galýar» diýip, ol aýtdy.
BMG-niň geçen hepde çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, yrak konflikti asuda adamlara juda gymmat düşýär. Has anygy, bu konflikt aprel aýynyň 30-yna çenli bolan 16 aýlyk döwürde 15 müňe golaý adamy öldürdi, 30 müň adamy bolsa ýaralady.

Kubis azyndan 8.2 million adamyň, yraklylaryň dörtden birine golaýynyň gyssagly kömege mätäçdigini, ýarysynyň bolsa azyga mätäçdigini aýtdy. Üç milliondan gowrak yrakly öz öýlerini taşlap gaçmaly boldy we BMG partnýorlarynyň hasaplamalaryna görä, uruş-gowga gelýän aýlarda hem dowam etse, ýene bir milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýerinden başga ýere gaçmaly bolmagy mümkin diýip, Kubis sözüniň üstüni ýetirdi.

“Missiýa asuda adamlaryň we graždan infrastrakturasynyň nyşana alynýandygy, sud-soragsyz öldürmeler, alyp gaçmalar, zorlamalar... baradaky habarlary yzygiderli alýar.»
Jan Kubis

Munuň üstesine, Siriýada «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň kontrolluk edýän ýerlerinden gaçyp, serhet aşyp, Yrakdan gaçybatalga gözlän adamlaryň sany hem 30 müňe golaýlaýar diýip, ol aýtdy.

Şu aralykda BMG, goşmaça maliýe serişdelerini almasa, 80 sany saglyk edarasyny we onlarça halas ediş programmasyny ýapmaga taýýarlanýandygyny aýtdy.

BMG-niň ynsanperwerçilik edarasy özüniň gelýän alty aýdaky çadyr, azyk, suw we beýleki zerur kömekler babatdaky harçlary üçin iýunda soran 497 million dollarynyň diňe 8 prosentiniň maliýeleşdirilendigini aýtdy.

Yraklylaryň köpüsi azyk we beýleki esasy zerurlyklaryň ýetmezçiliginde kyn günde galan bolsa, ýene bir topary dowam edýän wagşylyklar zerarly azatlygyny ýa-da ömrüni ýitirýär diýip, Kubis aýtdy.

“Missiýa asuda adamlaryň we graždan infrastrakturasynyň nyşana alynýandygy, sud-soragsyz öldürmeler, alyp gaçmalar, zorlamalar we jynsy zorlugyň beýleki görnüşleri, çagalaryň mejbury nöker tutulmagy, graždan emläginiň bimany weýran edilmegi we talanmagy, esasy azatlyklaryň we hukuklaryň inkär edilmegi baradaky habarlary yzygiderli alýar» diýip, ol aýtdy.

Çagalar we aýallar bolsa, YD tarapyndan döredilýän elhençlikleriň öňünde hasam ejiz we goragsyz ýagdaýda galýarlar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Remezan aýynyň soňunda, Eýd baýramçylygy mahalynda Han Bani Saad şäherinde, şaýy metjidiniň ýanynda partladylan ulag bombasynyň asuda ilatdan 120 adamy öldürmegi we 170 çemesi adamy ýaralamagy hem ýene bir betbagtçylykly delil diýip, ol aýtdy.

“Ynamy dikeltmek we yrak halkyny düzýän dürli jemagatlaryň arasynda gaýtadan bütewilik, jebislik gurmak üçin adalatlylygy we eden-etdilikler we hyýanatçylyklar üçin hasap soralmagyny ýola goýmak zerur, kim we nirede nähili bikanun iş eden bolsa, günäkärden hasap soramaly we nirede bolýandygyna garamazdan, diskriminasiýany hem birleriniň gyra itilmegini aradan aýyrmaly diýip, BMG-niň Yrakdaky ilçisi Jan Kubis aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG