Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa barýan 29 türkmenistanly tutuldy


Türk serhedi, Sirýanyň Kobani şäherinden tüsse göterilýär.

Türk serhedi, Sirýanyň Kobani şäherinden tüsse göterilýär.

Türkiýäniň resmi habar agentligi ”Anadolu Habar Ajansiniň” 22-nji iýulda Türkiýäniň harbylaryna salgylanyp çap eden maglumatyna görä, bu ýurtda diňe şu ýylyň dowamynda Siriýa barýan 29 sany türkmenistanly tussag edilipdir.

”Anadolu” agentligi Türkiýede şu ýylyň ýanwar aýynyň 1-den iýun aýynyň 30-na çenli aralykda tussag edilen şübhelileriň jemi sanynyň 457 adamdygyny we olaryň köpüsiniň-de Hytaý uýgurlaryndan ybaratdygyny habar berýär.

Habarda aýdylyşyna görä, tutulan jemi 457 adamdan 241-si Hytaýdan gelen uygurlar, 30-sy palestinalylar, 56 sanysy orsýetliler we 29-sy hem Türkmenistanyň graždanlarydyr.

Tutulan beýleki adamlaryň jemi 36 ýurtdan gelendigi maglumatda aýdylýar. ”Anadolu” habar agentliginiň maglumatyna görä, agzalýan adamlar Siriýa bikanun ýagdaýda geçmäge synanyşýan mahaly tussag edilipdirler.

Türk resmilerine salgylanyp berlen maglumatda tutulan şol adamlaryň Siriýa söweşmäge barýan daşary ýurtly söweşijiler bolmagynyň ähtimaldygynyň çak edilýändigi aýdylýar.

Mundan ozal, şu ýylyň 26-njy martynda Türkiýäniň "Hurriýet" gazetinde çap edilen beýleki bir maglumatda hem bikanun ýagdaýda Siriýa barýan daşary ýurtlularyň ençemesiniň tussag edilendigi, olardan üç sanysynyň Türkmenistandandygy bellenipdi.

Siriýada Yslamçy ekstremist toparlaryň hatarynda söweşmek üçin daşary ýurtlardan baran söweşijileriň sanynyň müňlerçedigi çaklanylýar, olaryň arasynda Orsýetden we Günbatar ýurtlaryndan barýanlar hem az däl.

”Halkara Krizis” topary şu ýylyň ýanwar aýynyň 20-inde çap eden maglumatynda Siriýada söweşýän türkmenistanlylaryň jemi sanynyň şol wagt 300 çemesi diýlip çaklanylýandygyny habar beripdi.

Şeýle-de, mundan ozal Siriýada hökümet güýçleri tarapyndan tussag edilen we türkmenistanlydygy aýdylýan söweşijileriň wideoýazgylary rus hem hytaý metbugatynda peýda bolupdy.

Käbir näresmi maglumatlarda Owganystanda söweşýän jeňçileriň arasynda hem asylynyň türkmenistanlydygy bilinýän söweşijileriň bardygy aýdylýar. Emma olaryň takyk sany hakynda maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň hökümeti, adatça, bu hili habarlary tassyklap ýa ret edip hiç hili beýanat bilen çykyş etmeýär. Bu barada häzire çenli halk köpçüligine ýetirilen ýeke-täk habar şu ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabadyň Är-Togrul gazy metjidiniň ymamynyň eden çykyşydyr.

Ol türkmen mediasynda görkezilmedik şol çykyşynda Siriýada we Yrakda iş alyp barýan ”Yslam döwleti” atly ýaragly topary berk ýazgaryp, olaryň yslama hyzmat etmeýändigini tekrarlap, adamlary olardan ägä bolmaga çagyrypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG