Sepleriň elýeterliligi

ABŞ alymlary täze planeta tapdylar


NASA-nyň kuwwatly Kepler teleskopyny ulanýan alymlar Gün sistemasynyň daşyndan aýlanýan täze planeta tapdylar we ol Ýere çalymdaş diýlip hasaplanylýar.

Alymlaryň 13-nji iýulda yglan etmegine görä, bu planeta Ýerden 60 prosent çemesi uly bolup, Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýan aralygyna golaý aralykda Günüň daşyndan aýlanýar.

Kaliforniýadaky SETI institutynyň alymlary bu planetanyň möçberine esaslanyp, onuň daglykdygyny we Ýere çalymdaşdygyny aýdýarlar. Alymlaryň bu planeta baradaky barlag netijeleri basym çap edilmeli.

XS
SM
MD
LG