Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa kenarlarynda 40 migrant gark boldy


Liwiýadan Italiýa aşmakçy bolan migrantlaryň 40 sanysy, şol sanda azyndan 7 çaga Ortaýer deňzinde heläk boldy diýip, Çagalary halas et guramasy 23-nji iýulda habar berdi.

Ýewropa häkimiýetleri aman galan 80 çemesi adamy tapdylar we olar Sisiliýa getirildi.

Olar betbagtçylygyň bir gün öň bolandygyny, migrantlaryň çişirilen gämileriniň içine suw syzandygyny we onuň çökendigini gürrüň berdiler.

Ölenleriň köpüsi Afrikadan, Sinegaldan, Maliden, Beninden gelýän adamlar eken.

Şu ýyl Italiýa 80 müňden gowrak migrant geldi, şeýleräk möçberdäki bosgun hem Gresiýa geldi.

Aprel aýynda 1200 çemesi migrant Ýewropa gelýärkä gark bolupdy.

XS
SM
MD
LG