Sepleriň elýeterliligi

Nawalnyý resmini jaý ýaşyrmakda aýyplaýar


Alekseý Nawalnyý, 7-nji iýun, 2015.

Alekseý Nawalnyý, 7-nji iýun, 2015.

Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý ýokary derejeli rus resmisini, jemgyýetçilik işgäriniň girdeji jarnamasyny dolduranda, Londondaky 18 million dollarlyk jaýyny ýaşyrmakda aýyplady.

Nawalnyý 23-nji iýulda öz websaýtynda premýer-ministriň birinji orunbasary Igor Şuwalowyň Londondaky kwartirasyna degişli britan hasaba alyş dokumentini çap etdi.

Bu jaý geçen ýyl Şuwalow bilen onuň aýalynyň kontrollugyndaky kompaniýanyň eýeçiligine geçirilipdir. Nawalnyý bu jaýyň bahasynyň 18 million dollar bolup, Şuwalowyň girdejisiniň geçen ýyl aýaly bilen gazanandygyny aýdan 900 müň dollaryndan geçýändigini aýtdy.

Soňky ýyllarda rus kanun çykaryjylarynyň iki sanysy, Nawalnynyň olaryň daşary ýurtdaky emläkleri we raýatlyklary baradaky açyşlaryndan soň, işden çekilipdi.

XS
SM
MD
LG