Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Eýranyň ölüm jezasyny tankytlaýar


Amnesty International guramasy Eýranda şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen ölüm jezalarynyň sanynyň görlüp-eşidilmedik derejede ýokar bolandygyny aýtdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklary guramasy 23-nji iýulda Eýranyň 1-nji ýanwardan 15-nji iýula çenli aralykda 694 adamy jezalandyryp öldürendiginiň çak edilýändigini, munuň eýran häkimiýetleriniň boýun alan sanyndan üç essä golaý köpdügini öňe sürdi.

Halkara günä geçiş guramasy, ynamdar çeşmeleriň maglumatyna görä, geçen ýyl Eýranda azyndan 743 adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy.

Hukuk topary eýran sudlaryndaky ölüm jezasynyň «garaşsyzlygyň we bitaraplygyň» düýpden ýok şertlerinde berilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG