Sepleriň elýeterliligi

Ak tam: Ylalaşyga garşy ýygnanyşyk «uruşparaz»


Ak tam 23-nji iýulda Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna garşy guralýan demonstrasiýany «uruşparaz ýygnanyşyk» diýip atlandyrdy.

Bu demonstrasiýanyň esasy spikeri respublikan partiýadan prezidentlige kandidat Ted Kruz bolup durýar. Ol prezident saýlansa, derhal Eýrana garşy harby zarba urup başlamaga taýýardygyny aýdan birnäçe respublikanyň biridir.

Ak tamyň metbugat sekretary Joş Ernest bu demonstrasiýalar barada berlen soraga «Demonstrasiýaçylaryň ählisiniň uruş tarapdarydygyny ret etse-de, Kruz «uruşparaz ýygnanyşyk» geçirýär diýdi.

Kruz ýygnanyşykda çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň bu ylalaşyk astynda «radikal yslam terrorçylarynyň öňdebaryjy döwlet sponsoryna we maliýeleşdirijisine öwrüljegini» öňe sürdi.

Tähran bilen ylalaşygyň opponentleri sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň Eýrana akýan puluň aşa köpelmegine we bu ýurduň Ýakyn Gündogardaky harby hereketleriniň möwjemegine getirjegini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG