Sepleriň elýeterliligi

Medwedew rus ykdysadyýeti daýanar diýýär


Orsýetiň premýer-ministri D.Medwedew "RTV Slovenija" telekanaly bilen söhbetdeşlikde, Gorki residensiýasy, 24-nji iýul, 2015

Orsýetiň premýer-ministri D.Medwedew "RTV Slovenija" telekanaly bilen söhbetdeşlikde, Gorki residensiýasy, 24-nji iýul, 2015

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew özüniň rus ykdysadyýetiniň ýyl ahyrynda gaýtadan ösüp başlamagyna garaşýandygyny, şol bir wagtda günorta-gündogar Ýewropanyň dostlukly ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Men ykdysadyýet 2015-nji ýylyň aýagynda, 2016-njy ýylyň başynda ösüş ýodasyna dolanar diýip pikir edýärin.

Bu beýle bir görnetin bolmaz, emma ýokarlanma bolar we bu ýagdaý bize käbir ykdysady meseleleri çözmäge mümkinçilik döreder" diýip, Medwedew 23-nji iýulda «RTV Slovenija» telekanaly bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Medwedew 26-27-nji iýulda Lýublýana sapar etmegi planlaşdyrýar.

Ol Sloweniýany Orsýetiň uly «Türk akymy» gazgeçiriji proektine goşmagy teklip etdi, bu geçiriji rus gazyny Ukrainadan sowa Türkiýä, Gresiýa we Ýewropa aşyrmaly.

XS
SM
MD
LG