Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk uçarlary YD nyşanalaryny urýar


Harby uçarlar 'YD" söweşiji toparyna zarba urýar, Siriýa
Harby uçarlar 'YD" söweşiji toparyna zarba urýar, Siriýa

Türkiýäniň söweş uçarlary «Yslam döwleti» diýilýän toparyň Siriýanyň içindäki dört nyşanasyna serhetden aşman zarba urýar diýip, türk häkimiýetleri 24-nji iýul güni irden aýtdylar.

Howa operasiýasy Siriýanyň Hawar obasyny nyşana alýar, bu oba Türkiýäniň Kilis welaýaty bilen serhetleşýär we ol ýerde YD-nyň ştablary bar.

NTV Kilisde azyndan üç sany güýçli partlama sesiniň eşidilendigini habar berdi.

Şu aralykda Türkiýäniň terrora garşy polisiýasynyň 5 müňden gowrak ofiseri Stambulda 100-den gowrak ýere reýd geçirdi.

Olar «Yslam döwleti» diýilýäniň we kürt jeňçileriniň güman edilýän toparlaryny gözleýärler.

Türk mediasy gije geçirilen operasiýanyň dikuçarlar we ýörite güýçler bilen goldanylandygyny ýazdy.

Howa operasiýasy Türkiýe Birleşen Ştatlara özüniň Injirlik howa bazasyny jeňçi topara garşy zarba urmak üçin ulanmaga razylyk bereninden bir gün soň başlandy.

XS
SM
MD
LG