Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe YD-a zarba urýar


Türkiýe anna güni irden YD toparynyňň Siriýadaky obýektlerine zarba urup başlady.
Türkiýe anna güni irden YD toparynyňň Siriýadaky obýektlerine zarba urup başlady.

Türkiýäniň harby uçarlary anna güni irden öz-özüne “Yslam döwleti” diýip at berýän ýaragly toparyň Siriýadaky obýektlerine zarba urup başladylar. Bu barada türk häkimiýetleri habar berýärler.

Howa operasiýasy Türkiýäniň Kilis welaýaty bilen serhetleşýän Siriýanyň Hawar obasyna we “Yslam döweti” jeňçi toparynyň bu ýerdäki baş edarasyna garşy alnyp barylýar.

Bu aralykda Türkiýäniň terrorçylyga garşy polisiýasynyň 5 müň töweregi adamdan ybarat güýçleri Stambulda we ýurduň beýleki şäherlerinde 100-den gowrak ýere reýd geçirdiler. Olar “Yslam döwleti” diýilýäniň we kürt jeňçileriniň güman edilýän toparlaryny gözleýärler.

Türk habar serişdeleri öten agşam geçirilen operasiýa dikuçarlaryň we ýörite güýçleriň gatnaşandygyny ýazýarlar.

Polisiýa reýdiň dowamynda ýurt boýunça 251 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Howa operasiýasy, Türkiýe Birleşen Ştatlaryň öz Injirlik howa bazasyny agzalýan jeňçi topara garşy zarba urmak üçin ulanmagyna razylyk bereninden, bir gün soň başlandy.

Mundan bir gün öň, Türkiýäniň serhedinde ýüze çykan ok atyşykda “Yslam döwleti” toparynyň bir jeňçisi öldürildi we bir türk esgeri-de wepat boldy.

Hepdäniň başynda Türkiýäniň Siriýa bilen serhetleşýän günorta-gündogarynda janyndan geçeniň amala aşyran bomba hüjüminde 32 adam öldi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

Türk häkimiýetleri “Yslam döwleti” toparynyň ýurtdaky hereketleriniň öňüni alyp başlandygy üçin, jeňçileriň häzir ar almak kampaniýasyna başlamagyndan howatyr edýärler.

Türk häkimiýetleri, “Yslam döwleti” atly jeňçi topar bilen ilteşigi bolmakda gümän edilip soňky alty aýyň içinde 500 adamynyň tussag edilendigini habar berýärler.

XS
SM
MD
LG