Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Ismaýilowa sud edilýär


Polisiýa H.Ismaýilowanyň işi boýunça sud diňlenişigine aktiwistleri goýbermedi
Polisiýa H.Ismaýilowanyň işi boýunça sud diňlenişigine aktiwistleri goýbermedi

24-nji iýulda Bakuda azerbaýjanly derňewçi žurnalist Hadyja Ismaýilowanyň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy. Polisiýa onlarça aktiwisti, žurnalisti we daşary ýurtlaryň diplomatik edaralarynyň wekillerini sud jaýyna goýbermedi.

Esasan Azerbaýjanda resmileriň korrupsiýa baş goşmagy barada maglumat beren Ismaýilowa ogurlykda, salgytdan boýun gaçyrmakda we kärinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

Zenan žurnalist özüne ýöňkelýän aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýar. Günbatar ýurtlary Ismaýilowanyň tussaglygyny ýazgaryp yzygiderli çykyş edýärler.

“Amnesty International” guramasy Ismaýilowany “wyždan ýesiri” diýip atlandyrdy. “Žurnalistleri goraýjy komitet” Ismaýilowa garşy gozgalan işiň onuň žurnalistik işi bilen bagdy bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG