Sepleriň elýeterliligi

Hawking älem-jahanyň täze teoriýasyny taýýarlaýar...


Stiwen Hawking

Stiwen Hawking

"Ullakan kosmiki bölejikleriň täze teoriýasy babatda iş alnyp barylýar". Muny Britaniýaly dünýä belli meşhur fizik Stiwen Hawking (Stephen Hawking) aýdýar.

Mundan birnäçe ýyl öň "Hudawy bölejik" diýip atlandyrylan "Higgs" bozonynyň tapylandygy aýan edilipdi. "Higgs" bozony häzirki döwürde älem-jahanda bar bolan maddanyň esasyny emele getirýän iň kiçi bölejigi hasaplanýar.

Ylham tolkunlary

Stiwen Hawking bolsa 23-nji ýanwarda Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda belgiýaly kärdeşi Thomas Hertog bilen älem-jahanyň gelip çykyşy babatda täze teoriýanyň üstünde işleýändiklerini aýan edýär. Täze teoriýa görä, älem-jahanda Uly ýarylyşdan (Big Bang) gaýdan ylham tolkunlary aýratyn üstünlige eýedir: "Muny "BICEP" topary günorta ýarym şarda radioteleskop arkaly synlapdyr. Ýöne olaryň goýberýän signalyny tozan hem döredip bilerdi. Bu teoriýa tassyklanan halatynda älem-jahana täze bir penjire açylar we bu "Higgs" bozonynyň açylşyndan hem örän möhüm ähmiýete eýe bolar".

"msnbc.com” internet sahypasynyň ýazmagyna görä, "BICEP-2" ylmy barlagyny geçiren alymlar geçen ýyl hem ilkinji ylham tolkunlaryny ýazga geçirendiklerini mälim edipdiler. Ýöne beýleki ylmy barlagçylaryň onuň galaktiki tozan hem bolup biljekdigini öňe sürüpdiler.

Infilýasiýa teoriýasy tassyklanyp biler

Ylham tolkunlarynyň bardygy infilýasiýa teoriýasyny (theory of inflation) tassyklamaga kömek eder. Bu teoriýa görä, älem-jahanyň döreýşi uly ýarylyşdan başlanypdyr. Hawkingiň älem-jahany gapma-garşy ýagdaýa getirşi birinji gezek däl. Ol geçen ýyl hem "gara deşigiň" ýokdugyny öňe sürüpdi. Geçen ýylyň ýanwar aýynda ol "Nature" žurnalynda şeýle ýazdy: "Klassiki teoriýa görä, gara deşigi terk etmek mümkin däl. Kwant teoriýasy bolsa energiýa bilen informasiýa gara deşikden gaçmak üçin mümkinçilik döredýär".

Bing Bang - Uly ýarylyş älem-jahanyň takmynan 13,7 milliard ýyl mundan owal bir nokadyň çakdanaşa gyzmagy netijesinde partlamagyndan emele gelendigini öňe sürýän teoriýadyr. Soňky birnäçe ýyla çenli "Higgs" bozonynyň bardygy ýa-da ýokdugy hem älem-jahanyň iň uly syry hasaplanýardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG