Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe jeňçi bazalaryny bombalaýar


Türkiýe, A F-16 söweş uçary Injirlik howa bazasyna gelýär.

Türkiýe, A F-16 söweş uçary Injirlik howa bazasyna gelýär.

Türk hökümeti 25-nji iýuldan başlap Siriýada we Yrakda howa hem gury ýer operasiýalarynyň üçünji tapgyryna ygtyýar berdi diýip, premýer-ministr Ahmet Dawutoglu Ankarada žurnalistlere aýtdy.

«Bular bir-pursatlyk operasiýalar däl" diýip, Dawutoglu aýtdy.

"Üç terror guramasy, PKK, Kürdüstan işçiler partiýasy, DHKP, Rewolýusion halk azat ediş partiýa-fronty, YDYL- “Yslam döwleti Yrak we Lewent» - biz bularyň näme edýändigini bilýäris. Bu aňtaw maglumaty. Şu sebäpden bu operasiýalar şu üç terror guramasyna garşy gönükdirilen we olaryň Türkiýä çenän ýaraglary elinden gaçýança dowam etdiriler» diýip, Dawutoglu sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkiýäniň söweş uçarlary 24-nji iýul agşamy jeňçi Kürdüstan işçiler partiýasynyň, PKK-niň demirgazyk Yrakdaky lagerlerine garşy hüjüme başlady diýip, premýer-ministriň edarasy 25-nji iýulda biraz öň çykan metbugat habarlaryny tassyk etdi.

Türk uçarlary demirgazyk Yrakdaky PKK nyşanalarynyň ýedisine zarba urdy, şol bir wagtda Siriýadaky YD jeňçilerine garşy hüjümi tapgyr ikinji gije dowam etdirdi.

PKK-niň harby ýolbaşçylarynyň bazasy bolan Kandil daglary hem nyşana alyndy.

Uruş uçarlary PKK-niň çadyrlaryny, bunkerlerini, gowaklaryny, ammar jaýlaryny, beýleki logistiki nokatlaryny urdy diýip, beýanatda aýdylýar.

Kürdüstan işçiler partiýasy, PKK özüniň demirgazyk Yrakdaky Kandil dagynda ýerleşýän bäş harby lagerine hüjüm edilendigini tassyklady.

"Şu gün agşam sagat 11:00 töwereginde türk uruş uçarlary biziň serhede ýakyn pozisiýalarymyzy bombalamaga, agyr top okuna tutmaga başlady" diýip, PKK-niň Yrakdaky sözçüsi Baktiýar Dogan AFP habar gullugyna aýtdy.

Şeýle-de Dogan uçarlaryň Kandil daglarynyň, Yragyň kürt paýtagty Erbiliň golaýyndaky ýerleriň üstünden uçup geçendiklerini aýtdy. PKK-niň syýasy ýolbaşçylary bu ýerleri howpsuz buky hökmünde ulanýardy, emma Dogan ol ýerlere zarba urulmandygyny aýtdy.

Türk hökümeti PKK-ni terrorçy gurama hasaplaýar. Şu hepde Türkiýäniň Siriýa bilen serhet töwereklerinde bolan zorlukly wakalardan soň, hökümet ar alyş çärelerini görjegini aýtdy.

Bu zorluklaryň käbirine PKK eýe çykan bolsa, köpüsiniň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» diýilýän topar öz üstüne aldy.

Kürt nyşanalaryna urlan zarbalar Demirgazyk Siriýa, türk uçarlarynyň YD bazalaryna uran howa zarbalarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkiýe YD-a garşy hüjümleriň ikinji tapgyryna başlady, şol bir wagtda PKK nyşanlaryny urmak üçin F-16 uçarlaryny ýollady.

Premýer-ministri Ahmet Dawutoglu YD-a garşy geçirilen ilkinji bombalaýyş çäresiniň 100 prosent maksadyna ýetendigini we «nyşanalary ýok etmekde üstünlikli bolandygyny» aýtdy.

Siriýanyň Adam hukuklaryna gözegçilik edýän obserwatoriýasy YD-nyň 9 söweşijisiniň öldürilendigini, 12-siniň bolsa ýaraly bolandygyny aýtdy.

Bu howa zarbalary 20-nji iýulda, Siriýanyň serhedinde 32 aktiwistiň öldürilmegine getiren kast ediş hüžüminden we 23-nji iýulda serhetaşa çaknyşyklarda türk esgeri öldürileninden soň buýruldy. 32 aktiwstiň ölümine sebäp bolan kast ediş hüjüminde YD günäkärlendi.

"Türkiýe özüne wehim salnan iň ýönekeý herekete hem berk gaýtawul berer» diýip, Dawutoglu aýtdy. «YD-a garşy operasiýa öz nyşanasyna baryp ýetdi we togtadylmaz.»

Prezident Rejep Taýyp Erdogan özüniň telewideniýede eşitdirilen sözünde soňky günlerde howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny we Türkiýäniň çäre görmeginiň zerur bolandygyny aýtdy.

Türk polisiýasy bolsa, zorluk-sütemiň ähli çeşmesini petiklemek tagallasynyň çäginde, Türkiýäniň 16 welaýatynda güman edilýän YD we PKK edaralaryna reýd geçirdi, 300-e golaý adamy, şol sanda 37 daşary ýurtlyny tussag etdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG