Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Sil 24 adamy öldürdi


Demiragzyk Pakistandaky agyr ýagyn we sil suwlary jaýlaryň ýykylmagyna sebäp bolup, 24 adamy öldürdi we ölenleriň sanyny 42-ä ýetirdi. Çitral şäherindäki ýollara, köprülere, ekin meýdanlaryna uly zyýan ýetdi. Halas ediş işgärleri 24-nji iýulda Çitral şäheriniň töwereklerinde ýykylan jaýlaryň harabalygyndan ölen damlaryň jesetlerini tapdy diýip, ýerli polisiýanyň resmisi Abdul Kaýum 25-nji iýulda aýtdy. Sil basan ýerlere pakistan goşunlary kömege iberildi. Pakistanyň iň garyp regiony bolan Bulujystanda sil 12 adamy öldüripdir. Agyr ýagşyň ýene iki gün dowam etjegi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG