Sepleriň elýeterliligi

Kommunistler saýlawa goýberilmeýär


Ukrainanyň Adalat ministrligi, täze kanun kabul edileninden soň, kommunistleri ýerli saýlawlarda bäsleşmekden mahrum etdi.

Adalat ministri Pawlo Petrenko 24-nji iýulda Ukrainanyň Kommunistik partiýasy, Ukrain Işçileriniň we daýhanlarynyň kommunistik partiýasy, şeýle-de Ukrainanyň Özgerdilen Kommunistik partiýasy oktýabrdaky saýlawlara goýberilmez diýdi.

Şeýle-de Petrenko bu partiýalaryň resmi taýdan gadagan edilmegi barada suda şikaýat ediljegini aýtdy.

Kommunistik partiýa Ukrainada möhüm güýçdi, ýöne onuň meşhurlygy öňki prezident Wiktor Ýanukowiçe beren goldawy sebäpli aşak gaçdy.

Emma bu gadaganlyga garamazdan, Ukrainanyň Kommunistik partiýasynyň lideri Petro Simonenko öz partiýasynyň saýlawlara gatnaşjagyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG