Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: 5 adam wagyz üçin türmä bayldy


Hytaý sudy 25-nji iýulda 5 adamy gadagan edilen dini toparyň wagyzlaryny ýaýradanlygy üçin türme tussaglygyna höküm etdi.

«Kuanneňşen» ýa-da Hudaýyň ybadathanasy toparynyň bäş agzasy iki ýyldan üç ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi.

Olar kanuna boýun bolmazlykda, pikirdeş toplamakda we bu toparyň ideýalaryny wagyz etmekde günäli tapyldy diýip, Panjin şäheriniň sudy aýtdy.

Bu dini topar, beýleki 13 topar bilen bilelikde, resmi taýdan gadagan edilipdi. 2014-nji ýylda onuň agzalarynyň bir aýaly restoranda urup öldürişini görkezýän wideo ýaýrapdy.

Şondan soň onuň iki agzasy ganhorlykda aýyplanyp, türmä basylypdy.

XS
SM
MD
LG