Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-i amerikan resmisini kabul etdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Riçard Hogland bilen duşuşyk boldy.

Türkmen metbugaty 24-nji iýulda iş saparyna gelen amerikan resmisi bilen türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ýagdaýy we perspektiwalary hakynda pikir alşylandygyny ýazdy.

Taraplar, habarda aýdylmagyna görä, syýasy-diplomatiki, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildiripdir.

XS
SM
MD
LG