Sepleriň elýeterliligi

Saudlylar Ýemen ýaraşygyny yglan edýär


Saudlylaryň ýolbaşçylygynda Ýemendäki pitneçileri bombalaýan koalisiýa asuda ilata kömek berilmegi üçin bäş günlük ýaraşygy yglan etdi.

Resmi saud metbugatynyň beýanatynda birtaraply ýaraşygyň 26-njy iýulda, ýarygijeden başlanjagy aýdylýar.

Emma koalisiýa ýaraşyk mahalynda şaýy huti gozgalaňçylarynyň «harby işjeňligine ýa hereketine» gaýtargy bermek hukugyny özünde saklaýandygyny hem habar berdi.

Bu habar merkezi welaýat Taize urlan howa zarbasyndan, ýagny azyndan 80 adam, şol sanda asuda raýatlar öldürilenden soň ýaýrady.

Saudlylaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa huti pitneçilerini, bosgunlykdaky prezident Abd-Rabbu Mansur Hadiniň hökümetini dikeltmek üçin, mart aýyndan bäri bombalaýar.

XS
SM
MD
LG