Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şepagatçy terror goldawynda aýyplandy


Polisiýa awstraliýaly bir saglyk işgäriniň, Siriýadan ýurduna meýletin dolanyp geleninden soň, «Yslam döwleti» diýilýän jeňçi topara goldaw bermekde aýyplanandygyny aýdýar.

39 ýaşyndaky Adam Brukman, yslam dinini kabul eden awstraliýaly, 26-njy iýulda Melburnda gysga sud diňlenişigine getirildi.

Brukman 21-nji iýulda meýletin türk resmilerine tabyn boldy we 24-nji iýulda Awstraliýa geldi diýip, Awstraliýanyň federal polisiýasy aýdýar.

Ol bile-göre terror guramasyna goldaw bermekde aýyplanýar.

Bäş çaganyň atasy bolan Brukman Siriýa ynsanperwerçilik missiýasy bilen gidendigini, emma ýaralanyp, “Yslam döwleti» jeňçi toparyna goşulmaga mejbur bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG