Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam Türkiýäniň zarbalaryny gutlaýar


Ak tam 26-njy iýulda özüniň Türkiýäniň «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy «ýokarlanan ünsüni we çaltlaşdyrylan tagallalaryny» gutlandygyny aýtdy.

Bu sözler Naýrobidäki metbugat brifiňinde, prezident Barak Obamanyň Keniýa sapary mahalynda, Ak tamyň resmisi tarapyndan aýdyldy.

Türkiýe 25-nji iýulda «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň Siriýadaky nyşanalaryna we kürt jeňçileriniň demirgazyk Yrakdaky nyşanalaryna howa hem-de artilleriýa zarbalaryny urmaga başlady.

Bu zarbalardan soň, PKK, Kürdüstan işçiler partiýasy Ankara bilen ýaraşygynda hiç bir manynyň galmandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG