Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň prezidenti Başar Assad 26-njy iýulda ýurtdaky raýat urşuny soňlamak üçin, hatda ol krizisi çözmäge çäkli täsir ýetirse-de, islendik syýasy dialogy goldaýandygyny aýtdy.

Assad telewideniýede berlen sözünde Siriýanyň goşunynyň gozgalaňçylar bilen uruşda käbir ýerleri elden bermelidigini hem boýun aldy.

Ol biziň ýaragly güýçlerimiziň öz saklanjak aýgytly ýerlerini kesgitlemegi zerur diýdi.

Öz esgerlerimiz barada alada bizi käbir ýerlerden çekilmäge mejbur edýär diýip, ol aýtdy.

Assad goşunyň döwleti goramaga ukyplydygyny, emma adam güýjüniň ýetmezçilik edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG