Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe YD we kürt jeňçilerini urýar


Türkiýede güman edilýän YD we PKK agzalarynyň 590 sanysy tussag edildi.

Türkiýede güman edilýän YD we PKK agzalarynyň 590 sanysy tussag edildi.

Türkiýe Siriýadaky «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň we demirgazyk Yrakdaky kürt jeňçileriniň pozisiýalaryna garşy howa we artilleriýa zarbalaryny urdy.

Türk hökümeti 25-nji iýulda PKK-niň, bikanun diýlip yglan edilen Kürdüstan işçiler partiýasynyň demirgazyk Yrakdaky gonalgalaryna, bunkerlerine, gowaklaryna, ammar jaýlaryna we beýleki «logistiki nokatlaryna», şol sanda Kandil daglygyna, bu toparyň ýolbaşçylarynyň ýerleşýän bazalaryna howa zarbalaryny urandygyny aýtdy.

PKK, bu howa zarbalaryndan soň, Ankara bilen 2013-nji ýylda jar edilen ýaraşygyň hiç bir manysynyň galmandygyny aýtdy.

Ankara öz uruş uçarlarynyň Siriýadaky YD nyşanalaryna eden hüjümleri barada jikme-jik maglumat bermedi.

Emma premýer-ministr Ahmet Dawutoglu jeňçilere garşy geçirilen ilkinji bombalaýyş operasiýasynyň «100 prosent» öz maksadyna ýetendigini we «nyşanalary üstünlikli ýok edendigini» aýtdy.

Dawutoglu bu operasiýalaryň «Türkiýäniň garşysyna abanýan howp näçe uzak saklansa, şonça hem dowam etdiriljegini» aýtdy.

Ol Türkiýede güman edilýän YD we PKK agzalarynyň 590 sanysynyň tussag edilendigini hem sözüne goşdy.

Stambulda tutulanlaryň arasynda, resmi habar çeşmesiniň maglumatyna görä,

YD-nyň ýerli uly şahsyýeti, Halis Baýançuk hem bar.
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Kawusoglu demirgazyk Siriýada YD söweşijilerinden arassalanan ýerler tebigy «howpsuz zona» öwrüler diýdi.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygynda "Yslam döwleti» diýilýän topara garşy döredilen koalisiýa bilen hyzmatdaşlyga uzak wagt göwünsiz bolan Türkiýe öz howa bazasynyň ABŞ we koalisiýa uçarlary tarapyndan jeňçi topara garşy has kän zarba urmakda ulanylmagyna hem razylyk berdi.

Bu howa zarbalaryna YD 20-nji iýulda türk şäheri Suruçda 32 adamyň öldürilmeginde günälenenden soň buýruk berildi.

PKK 22-nji iýulda Türkiýäniň iki sany polisiýa ofiserini öldürendigini, olaryň kürt aktiwistlerini nyşana alan partlamada YD topary bilen hyzmatdaşlyk edendigini aýtdy. 23-nji iýulda YD söweşijileri bilen bolan serhetaşyr çaknyşyklar hem bir türk esgeriniň wepat bolmagyna getirdi.

Ak tamyň sözçüsi Alistair Baskey Türkiýäniň özüni kürt jeňçileriniň hüjümlerinden goramaga haky bar diýdi.

Şeýle-de Baskey PKK terrorçylykdan ýüz öwrüp, Türkiýäniň hökümeti bilen gepleşikleri dikeltmeli diýdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýarany bolan Eýran terrorçylyga garşy söweşde milli özygtyýarlylyga hormat goýulmagyna çagyrdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Marziýeh Afkham "Milli hökümetleri gowşatmaga syrygýan islendik hereket, iş ýüzünde, terror toparlarynyň öz jenaýatçylykly hereketlerini amala aşyrmagyna itergi berip biler» diýdi.

Türkiýe BMG-ä Siriýadaky YD toparyna garşy howa zarbalaryny urmaga başlaýandygyny, sebäbi Siriýanyň hökümetiniň bu radikal yslamçy topara çäre görmäge ne ýagdaýynyň, ne-de isleginiň bardygyny aýtdy.

Türkiýe BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-muna we Howpsuzlyk geňeşine iberen hatynda öz hereketlerini esaslandyrmak üçin BMG-niň Düzgünnamasynyň 51-nji maddasyna, ýaragly hüjümden özbaşdak ýa-da bilelikde goranmak hukugyna salgylandy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG