Sepleriň elýeterliligi

Türk polisiýasy 15 adamy ele saldy


Turkey -- Demonstrators are detained by Turkish police officers during a protest condemning a suicide bombing on July 25, 2015 in Ankara.

Turkey -- Demonstrators are detained by Turkish police officers during a protest condemning a suicide bombing on July 25, 2015 in Ankara.

Türkiýäniň polisiýasy 27-nji iýulda geçiren giň göwrümli howpsuzlyk çäresiniň çäginde “Yslam döwleti” atly ekstremistik topar bilen gatnaşykda güman edilýän azyndan 15 adamy tussag etdi.

Türk mediasy güman edilýänleriň, şol sanda birnäçe daşary ýurtlynyň Ankaranyň Haçi Baýram etrapçasynda irden saklanandygyny habar berdi. Daşary ýurtlularyň raýatlygy takyklaşdyrylmady.

Şol bir wagtda-da, Kürdüstanyň işçi partiýasy (PKK) bilen bagly azyndan 19 adamyň Adiýaman şäherinde tussag edilendigini hökümete degişli Ýeni Safak gündeligi habar berdi.

CNN-niň maglumatyna görä, Türkiýede geçen hepdede howpsuzlyk çäreleriniň çäginde “YD” topary we PKK bilen baglanyşykda güman edilýän 800 çemesi adam tussag edilipdir.

Türkiýe “YD” toparynyň Siriýadaky nyşanlaryna we kürt gozgalaňçylarynyň Yrakdaky pozisiýalaryna howadan zarba urýar.

XS
SM
MD
LG