Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan serhet gözegçiligini artdyrýar


Hindistan Pakistan bilen serhedinde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi. Munuň öňüsyrasynda ýaragly adamlar Hindistanyň Punjab şäherinde polisiýa bölümine hüjüm edip, azyndan bäş adamy öldürdiler.

Resmileriň 27-nji iýulda aýtmagyna görä, Hindistanyň harbylary we polisiýasy Pakistan bilen serhede golaý ýerde ýerleşýän Gurdaspur etrabynda polisiýa hüjüm eden ýaraglanan adamlara garşy ok atyşyk alyp barypdyr.

Polisiýa hüjümçileriň Kaşmiriň Hindistana degişli böleginden gelen bolmagyny çak edýär.

Ýerli media polisiýa bölüminiň golaýynda ýük ulaglarynda birnäçe bombanyň tapylandygy habar berdi.

XS
SM
MD
LG