Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öýsüzlikden kösenýän Mariýa


Öýsüzlikden kösenýän Mariýa
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Öýsüzlikden kösenýän Mariýa

Köýtendagly Mariýa Buýlowanyň hökümetden o diýen uly talabam ýok. Ol diňe özüne kellesini sokar ýaly jaý berilmegini soraýar we hökümetiň özi ýaly ýagdaýa düşen adamlary jaý bilen üpjün etmäge borçludygyny çak edýär. Özem ol bu synanyşyklaryny soňky 20 ýyl bäri dowam etdirýär. Ol bu ugurda häzire çenli 50-den gowrak arza ýazypdyr, dogrusy, onuň, aýdylyşy ýaly, hut kakmadyk gapysy galmandyr.

“Ynha, men şu ýerde ýatyp-turýan” diýip, Mariýa Köýtendagda ýerleşýän üçünji çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň bir klasyny görkezýär.

Onuň ýatyp-turýandygyny aýdýan ýeri ullakan klas. Klasyň diwarynyň bir ýüzünde tagta, beýleki ýüzünde onuň alan hormat hatlary we çagalara öwredýän nusgawy hatlary asylgy, otagyň bir gyrasynda bolsa, okuwçylaryň stollary we beýleki okuw esbaplary çaşyp ýatyr.

“Synpyň içi häzirki wagt gaty yssy bolýar. Men şu otagyň bir künjünde ýuwnup–ardynýaryn. Synpda nahar taýýarlap bolanok, egin-eşiklerimi goýara ýerimem ýok” diýip, Mariýa ýagdaýyny gürrüň berýär.

Mariýa 40 ýaşlarynda, onuň ajysy ýetik durmuş dessany ýurduň garaşsyzlygyna gowuşmagynyň ýz ýany başlanýar. Çagalykda ýetim galan Mariýany ilki tanyşlarynyň biri gyzlyk alýar. Ol maşgala göçhä-göçlükde Orsýete gidensoň Mariýa çagalygynda öýsüz galýar.

Şol wagtky hökümet ilkibaşda Mariýa we onuň ýagdaýyndaky adamlary myhmanhanada ýerleşdiren hem bolsa, birnäçe wagtdan soň beýlekiler bilen bir hatarda Mariýa hem myhmanhanadan çykarylýar. Şeýlelikde ol birnäçe wagtlap köçede ýatyp-turýar.

Arzalar

Soňra oňa boş ýatan jaý berilýär. Emma ol jaýam, soňra berlen ýene bir jaýam, Mariýa ýarawsyz diýlip, onuň elinden alynýar. Onuň Azatlyk Radiosyna görkezen dokumentlerinden çen tutulsa, jaý sorap häkimiýetlere ýüzlenmegi 20 ýyldan bäri dowam edýär.

Arzalarynyň arasynda, ýerli häkimiýetlerden başlap, welaýat ýolbaşçylaryna, merkezi kazyýete çenli dürli edaralaryň ýolbaşçylaryna ugradylan hatlary görmek mümkin. Mariýanyň iberen arzalarynyň köpüsi jogapsyz galdyrylypdyr, emma käbir arzalaryna jogap berlen hem bolsa, jogapda talabyň kanagatlandyrylmandygy aýdylýar.

“Arzalarymdan hiç hili peýda bolmady, soňky alty aýdan bäri şu synpda ýaşaýaryn. Men şu ýerde ýatyp-turýaryn, nahar bişirmäge ýerim ýok, ilçilik [bir gowy zat], gowy adamlar maňa kömek edýärler, nahar bişirip getirýärler” diýip, Mariýa Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Mariýanyň problemasy diňe onuň arzalarynyň kanagatlandyrylmazlygy däl, soňky döwürde ol häzirki ýaşaýan ýerinden hem çykarylmaga synanyşylýar. Mariýanyň aýtmagyna görä, bu maksat bilen polisiýanyň işgärleri onuň bolýan ýerine eýýäm birki gezek gelipdirler.

Mariýa Azatlyk Radiosyna: “Başga kakara gapym galmady, her ýere ýüz tutup gördüm. Indi sizden başga kime ýüz tutjagymy bilemok” diýip, öz agyr ýagdaýyny gürrüň berýär.

Köýtendagda edil Mariýa ýaly jaýsyzlykdan kösenýän başgada ýaşaýjylara duş gelmek mümkin, olardan birem özüni Gözel diýip tanadan aýal. Oňa ýaşamak üçin berlen sümelgä hatda jaý diýmäge-de diliň baranok. Onuň hatda äpişgesem ýok.

Köýtendagda Gözel we Mariýa ýaly ençeme beýleki maşgalalara hem duş geldim. Mariýa hakda aýdynymyzda bolsa, ol eýýam prezidente iki gezek hat ýazypdyr we entegem öz hatlaryna beriljek jogaba garaşýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG