Sepleriň elýeterliligi

Geçen hepdede paýtagtyň saglyk öýlerinde saglygy goraýyş işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk ýygnaklarynda bu edaralaryň “girdejileriniň” azalýandygy aýdylypdyr. Paýtagtyň 1-nji saglyk öýüniň işgärleriniň käbiriniň gürrüň bermegine görä, edaranyň ýolbaşçylary saglyk öýüne ýüz tutýanlaryň sanynyň barha azalýandygyndan we netijede girdejileriň peselýändiginden şikaýat edýärler.

Saglyk öýüniň özüni Aýjemal diýip tanadan bir işgäriniň aýtmagyna görä, saglyk öýüniň girdejisiniň peselýändigi üçin saglyk öýüniň lukmanlarynyň özleri hem wagtal-wagtal saglyk öýleriniň tölegli medisina barlaglaryndan geçmäge mejbur bolýarlar.

“Bu barlaglardan iň bärkisi her 3 ýa-da 6 aýdan geçýäris. Her gezegem 100 manatdan hem köp pul çykýar” diýip, Aýjemal aýdýar.

Gürrüňi gidýän saglyk öýüniň başga bir lukmany Maýsanyň aýtmagyna görä, lukmanlardan belli bir möçberde pul plany talap edilýär. Mysal üçin, laboratoriýa näsaglardan 2000 manatlyk analizleri kabul etmeli. Maýsanyň aýtmagyna görä, stomatolog, okulist ýaly lukmanlar hem belli bir möçberdäki tölegli hyzmatlary ýerine ýetirip, saglyk öýüne girdeji getirmeli.

Plan dolmasa, lukmanlaryň özleriniň hem her aý diýen ýaly medisina barlagyndan geçmeli bolýandyklaryny Maýsa-da gürrüň berýär. Onuň sözlerinden çen tutsaň, ýogsa öz alýan aýlygyňdan saglyk öýüne pul tölemeli.

Maýsa ýolbaşçylar tarapyndan girizilýän bu “plany” dolmak üçin, adatça, näsaglara zerur bolmadyk goşmaça barlaglary hem belleýändikleirni boýun alýar.

“Bizden başlyklar talap edýär. Bizem näsaglary barlaglardan geçirip, plany doljak bolýarys. Biz bu barada näsaglaryň özlerine-de aýdýarys” diýip, Maýsa gürrüň berýär.

Birinji saglyk öýüniň lukmany Maýsanyň aýtmagyna görä, mekdep ýaşyna ýeten çagalar mekdebe kabul edilende hem, olar medisina barlaglaryndan geçirilende, saglyk öýlerinde olaryň ene-atalarynyň biriniň hem medisina barlagyndan geçmekleri talap edilýär.

Mundan başga-da, saglyk öýlerinde adaty näsaglaryň hem gerekmejek barlaglardan geçirilýändiklerini Maýsa aýdýar. Esasanam, flýurografiýa, gan we beýleki analizleriň has köp ýazylýandygyny Maýsa gürrüň berýär.

Sebäpler

1-nji saglyk öýüniň başga bir lukmany Baharyň aýtmagyna görä, nasaglar tarapyndan edilýän tölegleriň azalmagynyň sebäpleriniň biri - bu döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça tölegleriň azalmagy bilen bagly. Bahar, hususan-da, işsiz ýa-da yzygiderli girdejileri bolmadyk raýartlaryň bu hili ätiýaçlandyryşdan peýdalanýanlarynyň azalandygyny aýdýar.

Ýatlap gesçek, işlemeýän we yzygiderli girdejileri bolmadyk raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça töleýän tölegleriniň möçberi 2014-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap 15 esse ýokary galdyryldy. Mundan ozal olar polis üçin her aýda 1 manat tölän bolsalar, agzalýan karar girizilenden soň her aýda 15 manat tölemeli boldular.

“Diňe meniň uçastogymda polisden ýüz öwrenleriň sany eýýäm 100 adamdan geçdi. Beýleki uçastoklaryň käbirinde bolsa 150-200 adamyň polis üçin tölemeýäni bar” diýip, Aýjemal gürrüň berýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, 20 ýyl mundan ozal kabul edilen Saglyk programmasy boýunça ýurduň medisina edaralary hojalyk hasaplaşygyna geçirilip, olaryň hyzmatlary tölegli edilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG