Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew ABŞ bilen ylalaşygy ýatyrmagyň tarapdary


Prezident A.Atambaýew

Prezident A.Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew hökümetiň ABŞ bilen uzak wagtlyk hyzmatdaşlyk ylalaşygyny ýatyrmak baradaky kararyny goldap çykyş etdi.

Atambaýew Waşingtony Gyrgyzystanda milletara deňagramlylygy bozmak maksatly “prowokasiýa” etmekde aýyplady.

Bişkek ABŞ-nyň tussaglykdaky gyrgyz aktiwisti Azimjon Askarowy adam hukuklary boýunça abraýly baýrak bilen sylaglamak kararyna protest bildirip, ABŞ bilen hyzmatdaşlyk barada 1993-nji ýylda baglaşylan ylalaşygy ýakyn günlerde formal taýdan ýatyrdy.

64 ýaşly Askarow 2010-njy ýylda Gyrgyzystanyň günortasynda 400-den gowrak adamyň ölümine getiren etnikara çaknyşyklaryň dowamynda tussag edilipdi we ömürlik tussaglyga höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG