Sepleriň elýeterliligi

Dawutoglu: Türk zarbalary “oýny üýtgeder”


Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu çykyş edip, ýurduň Siriýadaky we Yragyň demirgazygyndaky “Yslam döwleti” toparynyň we kürtleriň PKK (Kürt işçiler partiýasy) hereketiniň jeňçilerine garşy amala aşyrýan howa zarbalary netijesinde regiondaky “oýnuň üýtemeginiň mümkindigini” duýdurdy.

Dawutoglu 27-nji iýulda türk gazetlerine beren interwýusynda häzir, onuň öz sözleri bilen aýdylanda, “täze ýagdaýlar ýüze çykdy”.

"Hürriýet" gazeti Dawutoglunyň: “Öz güýjüni netijeli ulanyp bilýän Türkiýäniň orta çykmagy Siriýadaky, Yrakdaky we tutuş regiondaky oýnuň üýtgemegine getirip biler. Biz ähli taraplary biziň Siriýadaky we Yrakdaky operasiýalarymyzyň döredýän täze şertlerini we netijelerini seljerip, olara dogry düşünip, şeýle-de öz hereketlerini degişli görnüşde aýyl-saýyl etmegini isleýäris” diýen sözlerini köpçülige ýetirdi.

NATO ýaranlygy 28-nji iýulda Türkiýäniň haýyşy esasynda adatdan daşary ýygnagyny geçirip, bu meseläni maslahatlaşar.

Dawutoglu Siriýa gury ýer güýçlerini ibermek barada planlarynyň ýokdugyny aýtdy.

Dawutoglu YD-a garşy söweşýän aram jeňçi toparlara howa kömegini bermek barada ABŞ bilen ylalaşylandygyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Siriýadaky kürtleriň PYD topary bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy. Gürrüňi gidýän toparyň ”Kürt işçiler partiýasy” (PKK) bilen arabaglanyşygy bar.

Dawutoglu PYD topary bilen hyzmatdaşlyk üçin - onuň Türkiýä hiç hili howp salmazlygynyň, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen ähli gatnaşyklary kesmeginiň we oppoizisiýa güýçleri bilen işleşmeginiň hökmany şert bolup durýandygyny nygtady.

26-njy iýulda türk harby uçarlary eýýäm üç gün yzly-yzyna demirgazyk Yrak bilen serhetleşýän sebitlerde PKK-nyň bazalaryna zarba urdy. Bu 2013-nji ýylda agzalýan partiýa bilen gelnen ýaraşyk ylalaşygyna howp salýar.

PKK-nyň metbugat wekili Douk we Irbil sebilerinde özleriniň iki pozisiýasynyň howadan urlandygyny aýtdy.

Mundan öň kürt jeňçileri Diýarbekir şäheriinde türk esgerleriniň ikisini öldürdiler, ýene-de dördüsini bolsa ýaraladylar.

Türkiýe özüne garşy edilen hüjümlerden soň YD-nyň Siriýadaky we PKK-nyň drmirgazyk Yrakdaky nyşanalaryny howadan urup başlady.

20-nji iýulda Türkiýäniň Siriýa bilen serhediniň golaýyndaky aglaba kürtleriň ýaşaýan sebitinde janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde 32 adam öldi. Bu hüjümiň arkasynda YD-nyň durandygy aýdylýar.

Mundan soň PKK Türkiýäniň YD bilen aragatnaşygynyň bardygyny öňe sürüp, iki türk polisiýa ofiserini öldürdi.

23-nji iýulda YD-nyň türk güýçlerine garşy eden hüjüminde bir esger öldi.

Şeýle-de Türkiýe soňky günleriň içinde bütin ýurtda, YD, PKK we beýleki jeňçi toparlar bilen ilteşigi bardygy güman edilýän ýüzlerçe adamy tussag etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG