Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: “al-Şababyň” öňüne böwet salmaly


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Nairobi, 26-njy iýul, 2015
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Nairobi, 26-njy iýul, 2015

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama dynç günlerinde Somaliniň paýtagtynda bolan adam heläkçilikli partlamalaryň “al-Şabab” ýaly terrorçy toparlaryň öňüne böwet salynmagyň zerurdygyny ýene bir gezek ýatladýandygyny aýtdy.

“Al-Kaýda” bilen bagy söweşijiler diňe “ölüm we ýykan-ýumranlyk” getirýärler, diýip Obama 27-nji iýulda Efiopiýanyň paýtagtynda eden çykyşynda aýtdy.
Obama ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň Efiopiýa hem uly wehim salýan “al-Şabab” ýaly toparlara basyş etmelidigi belledi.

Şeýle-de Obama Efiopiýany metbugat azatlygyna we syýasy erkinlilige basyşlaryny çäklendirmäge çagyrdy.

Efiopiýa ABŞ bilen terrora garşy hyzmatdaşlyk alyp barýar we amerikan resmileri bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşýar, şeýle-de howpsuzlyk meselesi bilen baglylykda Somali goşun iberýär.

Somaliniň polisiýasy 26-njy iýulda Mogadişuda myhmanhana edilen bombaly hüjümde 15 adamyň wepat bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG