Sepleriň elýeterliligi

Baku: Aktiwistler sud edilýär


Leyla Ýunus

Leyla Ýunus

Bakunyň sudy tussaglykdaky adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler Leýla we Arif Ýunuslaryň syýasy diýlip giňden hasaplanylýan işi boýunça diňlenişige başlady.
27-nji iýulda geçirilen suduň jaýyna diňe hökümetiň APA we virtualaz.org agentliginiň žurnalistleri goýberildi.

Daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň wekilleri-de sud diňlenişigine goýberilmedi.

59 ýaşly Leýla we onuň 60 ýaşly adamsy Arif Ýunus Azerbaýjanda tussag edilen aktiwistleriň, žurnalistleriň we hökümet tankytçylarynyň onlarçasynyň arasyna girýärler.

Är-aýal watana dönüklikde, hilegärlikde, galplykda, salgytdan gaçmakda we bikanun biznes etmekde aýyplanýar.

Leýla Ýunus baýraklaryň eýesi Bakuda hasapa alynmadyk Parahatçylyk we Demokratiýa institutynyň esaslandyryjysy, Arif Ýunus tanymal taryhçy we Kawkazdaky uruşlar, şol sanda 1990-njy ýyllarda Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasyndaky Daglyk Garabag uruşy boýunça barlagçy.

XS
SM
MD
LG