Sepleriň elýeterliligi

Taňrygulyýew: Gyzymy, agtyklarymy ýurtdan çykarmadylar


Aşgabadyň halkara aeroporty

Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty, lukman häzir Norwegiýada ýaşaýan Pirimguly Taňrygulyýewiň gyzyna we kiçi ýaşly agtyklaryna Türkmenistandan çykmak ömürlik gadagan edildi. Aşgabadyň aeroportunda serhetçiler Aýjemal Rejepowanyň we onuň gyzlarynyň passportlaryna şeýle mazmunly möhür basypdyrlar.

Türkmenistanyň häzirki prezidenti G.Berdimuhamedowyň mugallymy Pirimguly Taňrygulyýewiň agasy-da geçen ýyl ýurdyň daşyna çykyp bilmändi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Pirimguly Taňrygulyýew türkmen häkimiýetleriniň özüne we öz maşgalasyna garşy girizýän çäklendirmeleriniň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG