Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme sebäpden futbolçy YD-e goşuldy?


Futbolçy
Futbolçy

12-nji maýda 46 ýaşyndaky Ainaş Töräýewa gelni Mariýadan hat alypdyr. Bu Gazagystanyň demirgazyk-günbatar sebitindäki Oral şäheriniň golaýynda ýaşaýan Ainaşyň öz gelninden soňky iki ýylda alan ilkinji habarydy.

2013-nji ýylyň iýul aýynda Ainaşyň 27 ýaşyndaky ogly Talgat öz ýanýoldaşy Mariýadyr gyzy Sofiýa bilen bilelikde öz öýlerini terk edipdir. Ýurduň milli howpsuzlyk komiteti şol ýylyň ahyrynda Ainaşa oglunyň Siriýadadygyny aýdypdyr.

Mariýanyň haty gaýyn enesiniň öz oglunyň haçanam bolsa bir wagt öýüne dolanjakdygy baradaky umydyny puja çykarypdyr. Çünki hatda Talgatyň YD-e garşy gurnalan howa hüjümlerinde ölendigi ýazylypdyr.

Talgatyň öz maşgalasyny Siriýa äkidip, YD-niň hataryna goşulmagyna näme sebäp bolduka?

Ainaşyň aýtmagyna görä, onuň ogly futbolçy karýerasynyň sowsuzlyga uçramagy sebäpli depressiýa uçrapdyr.

Futboldan fanatizme

Ýetginjeňlik ýyllarynda Talgatyň durmuşy diňe futboldan ybarat bolupdyr. Futbola ukyply bolan Talgat ilki bilen "Uralsk Žastar" futbol toparynda oýnap başlapdyr. Ol 2005-nji ýylda uniwersitetde okamaga başlapdyr. Uniwersitetde okaýan döwri okuwyň gapdalyndan futbol oýnamagyny dowam etdirip bilmändir. Şonuň üçinem Talgat uniwersiteti gutarman, taşlapdyr. Ondan soň futbolda hem bagty çüwmändir. Ol 2009-njy ýylda Türkiýede geçirilen synag türgenleşiginde gowy baha alyp bilmändir. Şeýlelik-de ol saýlantgy ligada oýnamak mümkinçiliginden mahrum bolupdyr.

Ainaşyň aýtmagyna görä, ol şowsuzlyk Talgaty ruhy taýdan erbet sarsdyrypdyr. Ol soňra söwda, nebit we tebigy gaz ugurlary boýunça işlejek bolup synanşyklar edipdir. Ýöne näme etse-de, hemme ýerden eli boş dolanmaly bolupdyr. Ahyrynda dine ýykgyn edip başlapdyr. Bir gün ol ejesine ybadat etmäge başlandygyny aýdypdyr. Talgat ejesi bilen kireýine alnan jaýda ýaşaýar ekeni. Ol soňky döwürde öýde kän tapylman başlapdyr. Wagtynyň köp bölegini metjitde geçiripdir. Sakgal goýberipdir. Ejesi ybadat etmänsoň, onuň bişiren naharlaryny iýmän başlapdyr.

"Dogry ýolda"

Bolup geçýän şeýle ýagdaýlardan biynjalyk bolan Ainaş, kömek isläp, owal ýerli ymama, soňam Din işleri baradaky gurama ýüz tutupdyr. Olar, Talgat bilen söhbetdeşlik geçirenden soň, ejesine oglunyň dogry ýoldadygyny aýdypdyrlar.

Ahyrynda Ainaş Milli howpsuzlyk komitetine ýüz tutupdyr. Komitetden Talgaty barlap göreris diýen jogap alypdyr. Ejesi bu barada şeýle diýýär: "Belki, olar barlap görüp, onuň radikal boandygyny anyklandyrlar. Ýöne bu barada maňa hiç zat diýmediler".

Talgat ýanýoldaşy Mariýa bilen 2011-nji ýylda maşgala gurupdyr. Mariýa hem, edil adamsy ýaly, gaty dindar eken. Ol daşaryk çykan mahaly hyjapdan daşgary ýüzne ýene lukmanlaryň maskasyny-da geýýär ekeni. Talgat öýe gelen myhmanlara aýaly Mariýa bilen gepleşmäge rugsat berenok ekeni. Öýe myhman gelen mahaly onuň aýaly Maria gyzy Sofiýa bilen bile aýratyn başga bir otagda oturýar ekenler.

Talgat öýi terk edenden soň ejesi olar barada bäş aýlap hiç hili habar alyp bilmändir. Soň günleriň birinde Mariýadan Türkiýede bolýandyklary barada hat gelipdir. 2014-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda alan nobatdaky hatyndan bolsa ene olaryň Siriýa geçendigini bilipdir. Şondan soňky alan haty-da ölüm habary bolupdyr.

Ainaş "Milli howpsuzlyk komiteti Talgatyň Siriýa gidip biljekdigini biraz ýaňzydan bolsady, onda oglumyň ýurdy terk etmegine hiç hili ýol bermezdim" diýýär.

Görgüli ene indi gije-gündiz Alladan iň bolmanda gelniniň we agtyjagynyň sag-aman öýe dolanyp gelmegini dileýär.

XS
SM
MD
LG