Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe-Eýran geçirijisi partladyldy


Türkiýäniň energiýa ministri Taner Ýyldyz öten agşam, günorta-gündogar Türkiýede, Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky gaz geçirijä hüjüm edilendigini aýtdy.

Ýyldyz Agri welaýatynda, Eýranyň serhedinden 15 km uzaklykda bolan partlamada kürt pitneçileriniň güman edilýändigini aýtdy.

Türkiýäniň «Botas» döwlet gaz firmasy geçirijiniň bejerilýändigini aýtdy. Emma gazyň gaýtadan haçan akdyrylyp başlajagy belli däl.

Bu geçiriji 2 müň 600 km uzaýar we Eýranyň Töwrizinden başlanyp, Türkiýäniň paýtagty Ankara ýetýär.

XS
SM
MD
LG