Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Özbegistanyň 'derejesini' galdyrýar


Birleşen Ştatlaryň adam gaçakçylygy boýunça çap eden ýyllyk hasabatynda Özbegistanyň derejesi ýokarlandy, Belarusyň derejesi aşakladyldy.

188 ýurduň arasynda geçirilen barlagda jynsy söwdanyň we beýleki eziji zähmetleriň garşysyna alnyp barylýan göreş tagallalaryna baha berilýär.

Hukuk toparlary Özbegistany pagta senagatyndaky mejbury zähmetde tankyt edýärler.

Emma täze hasabatda Özbegistana iň aşaky 3-nji derejeden bir dereje ýokary orun berlip, Daşkendiň pagta ýygymynda çaga zähmetiniň öňüni alyp başlandygy aýdylýar.

Ýöne Belarus ozalky ornundan bir dereje aşak, iň pes 3-nji derejä düşürilipdir, bu ýurduň adam gaçakçylygyna garşy ýeterlik çäre görmeýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG