Sepleriň elýeterliligi

Rublyň hümmeti peselýär


Moskwadaky pul çalşylýan nokatlarda rus rublynyň hümmetiniň ýene aşak gaçyp başlandygy aýdylýar.

28-nji iýulda, irden bir amerikan dollarynyň bahasy 20-nji martdan bäri ilkinji gezek 60 rubldan geçdi.

Rus ykdysadyýeti dünýäde nebitiň bahasynyň arzanlamagy we günbatar sanksiýalary sebäpli gowşady.

Bu sanksiýalara Kremliň gündogar Ukrainadaky separatistleri goldamagy we Krymy bikanun anneksiýa etmegi sebäp boldy.

Rublyň bahasy ýewronyň garşylygynda hem aşak gaçdy we 28-nji iýulda 1 ýewronyň bahasy 66 rubldan geçdi.

XS
SM
MD
LG