Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meredow Kabulda duşuşyk geçirýär


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kabulda Owganystanyň hökümet ýolbaşçysy Abdylla Abdylla bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda energiýa we syýasy hyzmatdaşlyk meseleleri bilen bir hatarda, “Yslam döwleti” toparynyň salýan howpy barada hem gürrüň edilipdir.

Abdyllanyň metbugat wekili Jawid Faýsalyň aýtmagyna görä, owgan tarapy esasan terrorizme garşy göreş boýunça gurulmaly hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtapdyr.

“Owgan tarapy “Yslam döwleti” toparynyň salýan howpy barada gürrüň edip, onuň diňe Owganystana däl, tutuş sebite, şol sanda Merkezi Aziýa wehim salýandygyny öňe sürdi. Owganystan bu toparyň Merkezi Aziýa, Ýewropa geçmeginiň öňüne böwet bolup dur. Şonuň üçin Kabul bu ýurtlaryň Owganystana kömek etmelidigini aýtdy” diýip, Faýzal maglumat berdi.

Duşuşykda neşe gaçakçylygyna garşy göreş barada hem gürrüň edilipdir. Raşid Meredow Kabula barmazdan öň Tähranda bolup, beýleki meseleler bilen bir hatarda, terrora garşy göreş barada hem pikir alşypdy.

Meredow Kabula barmazdan ozal Tähranda eýranly ýolbaşçylar bilen, beýleki meseleleriň hatarynda, terorrizme garşy göreş boýunça hem pikir alşypdy.

XS
SM
MD
LG