Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe, ABŞ 'howpsuz zonany' döretmekçi


Türkiýäniň tanky türk-siriýa serhedine gözegçilik edýär, 24-nji iýul, 2015

Türkiýäniň tanky türk-siriýa serhedine gözegçilik edýär, 24-nji iýul, 2015

Türkiýe bilen ABŞ “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerini Siriýanyň Türkiýe bilen aradaky serhetýaka giňişliginden uzaklaşdyrmak, siriýaly müňlerçe bosgunlar üçin zerur howpsuz başpena zonany döretmek hem-de jeňçileriň jeňçileriň esasy üpjünçilik ýollaryny kesmek, olaryň hakynatutma söweşijileri rekrutirlemek mümkinçilikleriniň öňüni almak boýunça bilelikdäki planlary maslahat edýärler.

Bu çäre Türkiýäniň soňky hepdäniň dowamynda goňşy Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerine garşy öň görlüp-eşidilmedik derejede söweş alyp barmagynyň, şeýle-de ýurduň içinde kürtlere garşy eden basyşlarynyň yz ýany öňe sürüldi.

‘Howpsuz zona’

Obamanyň administrasiýasynyň resmileriniň 27-nji iýulda aýtmagyna görä, Türkiýe bilen ‘howpsuz zonany’ döretmek baradaky gepleşikler diýlende, YD toparynyň gözegçiligindäki 110 kilometrlik giňişlik göz öňünde tutulýar.

ABŞ bu ýerde YD toparynyň jeňçilerine garşy howadan zarba urýar.

ABŞ-nyň resmileri indi, haçan-da Türkiýe ABŞ-a YD-niň jeňçilerine garşy öz giňişliginden zarba urmaga rugsat berensoň, howa zarbalarynyň has-da güýçlendiriljekdigini aýtdylar.

Emma ABŞ-nyň häkimiýetleri Türkiýäniň we ABŞ-nyň arasynda howpsuzlyk zonasy baradaky ylalaşygyň entek doly jemlenmändigini bellediler.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 28-nji iýulda eden çykyşynda Siriýanyň demirgazygynda howpsuz zonanyň döredilmeginiň häzirki wagtda Türkiýede ýerleşýän 1.7 million siriýaly bosguna öz ýurduna dolanmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda-da Türkiýäniň beýleki resmileri maksadyň Siriýadaky graždan urşundan gaçyp çykan adamlar üçin “howpsuzlyk zonany” döretmekden ybarat bolman, serhedi YD-niň jeňçilerinden “arassalamakdan we ýapyk saklamakdan” ybaratdygyny aýdýarlar.

NATO-nyň goldawy

Erdogan 28-nji iýulda eden çykyşynda NATO guramasyny Siriýada YD toparyna garşy we Yragyň demirgazygyndaky kürt gozgalaňçylaryna garşy göreşde Türkiýä ýardam bermäge taýýar bolmaga çagyrdy. Munuň öňüsyrasynda NATO-nyň ýolbaşçysy Jens Stoltenberg Türkiýäniň haýyşy boýunça Brýusselde guramanyň adatdan daşary maslahatyny gurnady.

Şeýle-de NATO-nyň maslahatynda Türkiýe guramanyň agzalaryny öz howpsuzlygyna wehim salýan howplary we howadan amala aşyrýan zarbalaryny maslahat etmäge çagyrdy.

Dawutoglu NATO Türkiýäniň Siriýadyr Yrak bilen aradaky “serhedini goramaga borçly” diýip, Ankaranyň öz görýän çärelerine bu guramanyň ýardamyny gazanmaga çalyşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG