Sepleriň elýeterliligi

Erdogan: Pitneçiler bilen oňuşmak kyn


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 28-nji iýulda kürt jeňçileri Türkiýäniň milli birligine we bütewiligine wehim salýar, olar bilen «parahatçylyk prosesini dowam etdirmek» mümkin däl diýdi.

Onuň bu sözleri bikanun diýlip yglan edilen PPK-niň, Kürdüstan Işçiler partiýasynyň Türkiýe bilen ýaraşygyň iş ýüzünde gutarandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

PKK bu bu sözleri Türkiýe geçen hepde PKK-niň demirgazyk Yrakdaky lagerlerine howa zarbalaryny uranyndan soň aýtdy.

Şeýle-de, prezident Erdoganyň sözleri Türkiýäniň energiýa ministri Taner Ýyldyzyň 28-nji iýulda kürt pitneçilerini Ankrany Eýranyň Töwrizi bilen baglaýan gaz geçirijini partlatmakda aýyplamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG