Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa migrantlaryň ýoluny baglaýar


Fransiýanyň port şäheri Kalaýsyň polisiýasy 29-njy iýulda Ýewrotunel terminalynyň ýanynda maşyn uran sudanly migrantyň jesedini tapandygyny aýtdy.

2 müňden gowrak migrant, Fransiýadan Britaniýa aşmak üçin, Kanal ötügine girmäge synandy diýip, fransuz häkimiýetleri 28-nji iýulda habar berdiler.

"Bu soňky bir ýarym aýda edilen geçiş tagallasynyň iň ulusy boldy» diýip, Ýewrotuneliň sözçüsi aýtdy.

"Biziň howpsuzlyk işgärlerimiziň ählisi, 200 adama golaý, şeýle-de polisiýa kömege çagyryldy» diýip, ol aýtdy.

Ýerli resmi ötügiň girelgesinde alty migrantyň ýaralanandygyny aýtdy.

"Öten agşam bu ýere 2100 çemesi migrant girdi, olaryň 1900 sanysy derrew yzyna çykaryldy, 200 sanysy tussag edildi» diýip, ýerli resmi aýtdy.

Iýun aýynyň başyndan bäri, bu tunele girjek bolup, sekiz migrant heläk boldy. 28-nji iýuldaky geçiş synanyşygy tutuş gün ýol hereketiniň gijikmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG